HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaşyl agaç aždarhanyň ýylyny nähili garşylamaly: esbaplar, alamatlar we nyşanlar

Dekabr 31, 2023 | 17:34 |9261
Gara Syçan öz ýylyny tamamlap, gezegi iň bir täsin jandar hasaplanýan ýaşyl aždarha ornuny berýär. Aýdylyşy ýaly, ol özboluşly häsiýeti bilen tapawutlanyp, maksada okgunlylygy, jogapkärçiligi goldaýar hem-de ýeňil kelleligi we bisarpa harçalamany ýekirýär.Gara Syçan öz ýylyny tamamlap, gezegi iň bir täsin jandar hasaplanýan ýaşyl aždarha ornuny berýär. Aýdylyşy ýaly, ol özboluşly häsiýeti bilen tapawutlanyp, maksada okgunlylygy, jogapkärçiligi goldaýar hem-de ýeňil kelleligi we bisarpa harçalamany ýekirýär.
Çeşme: iStock/ Gettyimages

Gara Syçan öz ýylyny tamamlap, gezegi iň bir täsin jandar hasaplanýan ýaşyl aždarha ornuny berýär. Aýdylyşy ýaly, ol özboluşly häsiýeti bilen tapawutlanyp, maksada okgunlylygy, jogapkärçiligi goldaýar hem-de ýeňil kelleligi we bisarpa harçalamany ýekirýär. Biz "ORIENT-iň" döredijilik işgärleri şeýle ynançlara känbir ähmiýet bermeýän-de bolsak, Täze ýylyň ilkinji günündäki baýramçylyk ruhuna gabatlap, bu babatda hytaý ynanç-ygtykatlary barada okyjylary tanyşdyrmagy makul bildik.

Biz ähli maglumat serişdelerini derňäp, Täze ýyl baýramçylygyndaky esasy däp-dessurlary ýüze çykardyk:

• Ähli bergilerňizi mümkin boldugyndan üzüň - Täze ýylyň nyşany berk we özdiýenli jandar bolup, ol her bir işe, hususanda maliýe işinde jogapkärçilikli çemeleşýänleri gowy görýär. Maddy taýdan bol-telkilige we rowaçlyga ymtylmak isleýärmisiňiz? Onda siz öz bergileriňizi wagtynda töleýändigiňizi we ygtybarly adamdygyňyzy aşdarha subut ediň;

• Öýüňizi gowy edip arassalaň - aždarha tertipliligi we arassaçylygy gowy görýär. Şonuň üçin-de Täze ýylyň nyşanyny gowy arassalanan we tertiplenen, ýaramaz zatlar görer gözden aýrylan öýe çagyrmak mümkindir.

• Sahawatly toý saçagyny bezäň - geljek ýylyň nyşany süýji we ýokumly naharlanmagy gowy görýär. Şonuň üçinem, ony tagamlaryň dürli görnüşleri - dürli usulda bişirilen etler, gyzgyn tagamlar, balyk, süýjülikler we miweler bilen hezzetläň.

Indi bolsa, Täze ýylda şowlulyk getirjek esasy alamatlar barada durup geçeliň:

• Täze ýyl arçasyndan altyn açarjyk görnüşindäki bezegleri asyň. Ony ýylyň nyşany - aždarha hem gowy görýär. Baýlygy gowy görýän ýylyň nyşany size Täze ýylda berekedi ilki bilen lezzetli tagam görnüşde üstüňize getirer;

• Äpişgäniň öňünde ot saçýan jandaryň - aždarhanyň gowy görýän daşlaryny goýuň. Şonda siz öz öýüňize rysgal-berekedi çekersiňiz.

• Mümkin boldugyça baýramçylyk saçagyňyzy 12 dürli tagam bilen bezejek boluň. Imperatoryň gowy görýän nyşany şalar kimin garşylanmagy hem halaýar. Şeýle hereketi aždarha gowy görýär we şol ojaga bereket eçilýär.

• Ownuk-uşak pullaryňyzy toplaýan gabyňyzy aždarhanyň keşbinde edinmäge çalşyň we geljek 12 aýyň pully-rysgally bolmagy üçin oňa birnäçe banknotlary we teňňeleri atyň.

• 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije äpişgeleriňizi açyň-da ýylyň esasy nyşanyny öýüňize girmäge ýol açyň. Ony çagyrmak üçin bolsa, äpişgäniň öňünde reňkli gaplarda oturdylan ösümlikleri ýerleşdiriň. Sebäbi aždarha ýaşyl zatlary we tebigat öwüşginini gowy görýär.

• Täze ýyl saçagynda ulanylýan her bir tarelkanyň aşagynda teňňe goýuň. Bu geljek ýylyň sowgatly we rysgally bolmagyny şertlendirer.

• Öýüňizi aždarhanyň ünsüni çekäýjek ot görnüşindäki bezegler, şol sanda bezegler bilen bezäň. Bugeljek ýyla bagt we söýgüni özüne çeker.

Şeýle däp-dessurlar öýüň ýaşaýjylaryna bagtyň we üstünligiň hemra bolmagy üçin edilýär. Käbir çeşmeler saçagyň we bezegleriň reňkiniň gyzyl we ýaşyl reňklerde öwüsmegini hem salgy berýär.

Şeýle hem, täze ýylyň birnäçe sagat öňüsyrasynda ýylyň nyşanyny ürküzmezlik üçin, öýi tertibe salmak maslahat berilmeýär. Baýramçylykdan galan nahary zyňmaň, çünki täze ýylyň nyşany bisarpalygy halamaýar. Şeýle tagamlary öý haýwanlaryny saklaýan ýörite merkezlere eltip bolar.

Ýene-de bir nygtalmaly zat: Täze ýylda gamlanmajak we töweregiňizdäkileriň keýpini gaçyrmajak boluň. Çünki şeýle edilende, gamly wakalaryň geljek ýylda hem bolmak ähtimallygy artýar. Şonuň üçin-de şatlanyň we ýakynlaryňyzy söýgi bilen gurşap alyň!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026