Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylyň şygary "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip yglan edildi

Dekabr 29, 2023 | 23:10 |44751
Türkmenistanyň Prezidenti beýan edilen teklibi makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.Türkmenistanyň Prezidenti beýan edilen teklibi makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Hökümet we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek hakynda Mejlisiň Karary okaldy.

Bu mejlis Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda "Ruhyýet" köşgünde geçirildi.

1 (1).jpg

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň kararynyň taýýarlanylandygyny mälim etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti beýan edilen teklibi makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026