HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda uçarmansyz ýolagçy uçarlary üçin ilkinji merkez açyldy

Dekabr 27, 2023 | 22:02 |14544
Hytaýyň günortasyndaky Şençžen megapolis şäherinde uçarmansyz ýolagçy uçarlarynyň gatnawlary üçin howa merkezi açyldy. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär.Hytaýyň günortasyndaky Şençžen megapolis şäherinde uçarmansyz ýolagçy uçarlarynyň gatnawlary üçin howa merkezi açyldy. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär.
Çeşme: foxnews.com

Hytaýyň günortasyndaky Şençžen megapolis şäherinde uçarmansyz ýolagçy uçarlarynyň gatnawlary üçin howa merkezi açyldy. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär.

Şäheriň 4500 inedördül metrlik howa gatnawlaryny dolandyryş merkezi özünde uçuş-gonuş meýdançasyny, uçar angaryny we dispetçer merkezini özünde jemleýär.

Bu merkez pes belentlikdäki şäher howa gatnawlaryny dolandyrmak bilen, geljekde bu ýerden şäher gözelliklerine hem syýahatlar guralar.

3-control-center.jpg

Hytaýyň uçarmansyz uçarly öndürýän öňdebaryjy “DJI” kompaniýasy Şençžen şäherinde pes belentlikdäki uçuşlary ösdürip, ykdysadyýetiň ösüşine goldaw bermegi maksat edinýär. Şäher häkimligi öz gezeginde pes belentlikde ýolagçy we ýük daşamakda infrastrukturanyň amatly we täsirli ulgamyny döretmekde, şeýle hem pes belentlikdäki howa gezelençlerini guramakda ýurtda öňdebaryjy bolmak isleýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Hytaýyň “Ehang” kompaniýasy özbaşdak ýolagçy howa taksileri üçin howa uçuşlaryna laýyklyk şahadatnamasyny alan dünýäde ilkinji kompaniýa boldy.

4-inside-air-taxi.jpg

Bu uçarlar diňe bir adamlary daşamak üçin däl, eýsem ýük, derman ýa-da iýmit ýaly harytlary eltip bermek hyzmatynda ulansa hem bolýar. Şeýle hem olar tebigy betbagtçylyklar ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda hem ulanylyp bilner. Wagty tygşytlamakda netijeli boljak bu howa ulaglary zerur bolan lukmançylyk işgärlerini ýa-da enjamlaryny hadysanyň bolan ýerine çalt we ygtybarly eltip biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026