Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy


26-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy bilen strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalary işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.
Pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän bu türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we degişli ylalaşyklar gazanyldy.
Türk işewürleri ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli we dünýäde uly islegden peýdalanýan önümleriniň täze, döwrebap görnüşleriniň ilkinji bolup ata Watan Türkmenistana iberilmeginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Bu syýasy ugur Türkmenistanyň halkara abraýyny has hem artdyrýar. Munuň gözbaşynda bolsa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan edýän halkara başlangyçlary durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Işewürler, öz gezeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegindäki möhüm ähmiýetini bellediler. Munuň özi Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmeginde möhüm şerti emele getirýär.
ORIENT news








