Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyna eksporty 21% artdy: üçden bir bölegi oba hojalyk önümleri, ýarysy hem himiki serişdeler boýunça


2023-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda dolanyşygynyň fiziki görkezijisi 8% artyp - 535 müň tonna deň boldy. Russiýanyň eksporty 5,5%, Türkmenistandan importy bolsa 21% ýokarlandy. Azyk önümleri we oba hojalygyna degişli çig mallary boýunça Türkmenistandan Russiýa iberilýän önümler 33%, himiýa senagaty önümleri bolsa - 57% ýokarlandy diýip, Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara rus-türkmen toparynyň çäklerinde geçirilen söwda we maýa goýumlaryny goldamak boýunça ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisinde aýtdy.
Geçen hepde Moskwada geçirilen mejlisde taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi, özara söwdany gowulandyrmagyň şertleri, senagat, energetika, gurluşyk, döwlet ýazgylary, şeýle hem bilim pudagyndaky bilelikdäki taslamalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
"Russiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirmek bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, dürli önümleriň üpjünçiligini we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmäge taýýardyr. 2023-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda fiziki taýdan ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygy 8% - 535 müň tonna, eksport - 5,5%, import - 21% artdy"-diýip, Dmitriý Wolwaç belledi.
"Ikitaraplaýyn ykdysady potensial henizem uludyr we nebit we gaz we maliýe pudaklarynda, şeýle hem birnäçe senagat pudaklarda, oba hojalygynda, ulag ulgamynda we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikler bardyr" diýip, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow hem öz gezeginde nygtap geçdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Russiýanyň eksport goldawy boýunça institutlarynyň rus we türkmen kompaniýalarynyň arasynda söwda we maýa goýum şertnamalaryny ýerine ýetirmekde maliýe we maliýe däl goldaw çärelerini üpjün etmek mümkinçiliklerini seljerdiler we 2024–2026-njy ýyllar üçin Russiýa bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň taslamasyny gözden geçirdiler.
Wolwaçyň sözlerine görä, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde rus tarapynyň gatnaşmagyndaky 36 taslama gözegçilik edýär. Bulardan 11 taslama iş tapgyrynda, 21 taslama maýa goýum tapgyrynda, 10 taslama bolsa, durmuşa geçirmegiň işjeň döwründedir. Mundan başga-da, dürli önümleriň üpjünçiligini guramak üçin dürli taýýarlyk derejesinde 15 taslama bar. Infrastruktura pudagynda 9 taslama durmuşa geçirilýär.
Ministriň orunbasary iň uly we üstünlikli taslamalaryň hatarynda, Türkmenistanyň paýtagtyny sil akymlaryndan doly goramak we şäher binalaryny dagdan akýan sil suwlaryndan goraýan desgalar toplumynyň gurluşygyny aýdyp geçdi. Nebit we gaz pudagynda 3 taslama, senagatda 19 taslama durmuşa geçirilýär we täze Arkadag şäheriniň gurluşygy üçin 300 müň tonnadan gowrak demir metal bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşyldy.
“Rus kompaniýalary Türkmenistanyň çäginde energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, täzeden gurmak, durkuny täzelemek, gämi gurluşygy, magdan enjamlary we uzak alalyga ýük daşaýjy üç bölümli dizel teplowozlary bilen üpjün etmek, Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek şeýle hem, Türkmenistanyň demirýol şahalaryny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek boýunça geljekki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär” diýip, Wolwaç aýtdy.
“Türkmen hyzmatdaşlarymyza integrasiýa meselelerine gyzyklanmalary üçin sag bolsun aýdasym gelýär. Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň Türkmenistanda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň işi we artykmaçlyklary barada birnäçe tanyşdyryş seminarlary geçirildi. Häzirki wagtda Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň çäginde Ýewraziýanyň ykdysady integrasiýasynyň dürli meseleleri boýunça 14 sany onlaýn seminar geçirildi"-diýip, ministriň orunbasary belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Aşgabatda geçiriljek Hökümetara rus-türkmen komissiýasynyň mejlisiniň gün tertibini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








