Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy


26-njy dekabrda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň “Konstantinow” köşgünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Liderleriniň resmi däl duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Resmi däl sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar “Pawlowsk”, “Sarskoýe Selo” we “Petergof” muzeý goraghanalaryna baryp gördüler.

Çäräniň dowamynda GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary Arkalaşygyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmalar geçirildi.
Sözüniň başynda Wladimir Putin kärdeşlerine ýüzlenip, Sankt-Peterburg şäherine gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti täze ýyldan başlap, GDA-da başlyklyk etmegiň Gyrgyzystandan Russiýa geçirilýändigini, muny durmuşa geçirmek üçin öz içine 150 sany ugry öz içine alýan Hereketleriň meýilnamasynyň hödürlenilýändigini aýtdy. Onuň mälim etmegine, Russiýa Arkalaşygyň ähli hyzmatdaşlarynyň goşmaça pikirlerine we tekliplerine garamaga taýýardyr.
Wladimir Putin iýun aýynda Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda erkin söwda hyzmatlary we maýa goýumlary amala aşyrmak boýunça ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşygyň hyzmatdaşlarynyň arasynda özara hasaplaşyklary milli walýutalarda ýerine ýetirilmegini işjeňleşdirmegi goldamagyň dowam etdiriljekdigi bellendi. Resmi däl sammitde şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek meselelerine garaldy.
ORIENT news








