HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan we Braziliýa “COP29” we “COP30” maslahatlaryny geçirerler

Dekabr 15, 2023 | 14:31 |14114
Azerbaýjan 2024-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyny “COP29”, Braziliýa bolsa, 2025-nji ýylda onuň 30-njy maslahatyny “COP30” geçirer.Azerbaýjan 2024-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyny “COP29”, Braziliýa bolsa, 2025-nji ýylda onuň 30-njy maslahatyny “COP30” geçirer.
Çeşme: arabianbusiness.com

Azerbaýjan 2024-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyny “COP29”, Braziliýa bolsa, 2025-nji ýylda onuň 30-njy maslahatyny “COP30” geçirer.

Bu çözgüt BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Dubaý şäherinde tamamlanan 28-nji maslahatynda mälim edildi.

“Biz howanyň üýtgemegie garşy göreşmekde bilelikdäki işlerimizi dowam etdirmegi zerur hasaplaýarys” diýip, “COP28” maslahatynyň prezidenti, BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Sultan bin Ahmed Al-Jaber nygtady.

Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministri Muhtar Babaýew öz gezeginde, Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly döreýän täsirleri azaltmakda bilelikdäki tagallalaryň möhümdigine oňat düşünýändigini aýtdy. Respublika durnukly geljegi gazanmagyň ýolunda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

“COP30” maslahaty 2025-nji ýylyň 10 – 21-nji noýabrynda Braziliýanyň Para ştatynda ýerleşýän “Amazonkanyň derwezesi” diýlip atlandyrylýan Belen şäherinde geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Braziliýanyň daşky gurşaw we howa ministri Marina Silwa howanyň üýtgemegine garşy göreşde Amazonka jeňňeliginiň eýeleýän ähmiýetli ornuny belledi.

Onuň nygtamagyna görä, ählumumy maslahatyň jeňňelligiň merkezinde geçirilmegi Zeminiň goralyp saklanylmagy babatda jogapkärçilige oňyn düşünmäge ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026