HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli gutlagy

Dekabr 11, 2023 | 17:33 |7595
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar öňden bäri dostlukly şertlerde ýaşap gelýän halklarymyzyň isleginden gelip çykýar.Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar öňden bäri dostlukly şertlerde ýaşap gelýän halklarymyzyň isleginden gelip çykýar.
Çeşme: Azerbaýajanyň Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan berildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar öňden bäri dostlukly şertlerde ýaşap gelýän halklarymyzyň isleginden gelip çykýar.

Gatnaşyklarymyz umumy taryhymyzdan, köklerimizden, dilimizden, doganlyk gatnaşyklarymyzdan we birek-birege goýýan hormatymyzdan esaslanýar, şeýle hem soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar çalt ösdi we täze hil derejesine çykdy.

Onuň Alyhezretleri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ylham Alyýewiň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, onuň Alyhezretleri Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňden görüjülikli we maksada okgunly syýasatlary netijesinde biziň ýurtlarymyz strategiki hyzmatdaşlyga öwrüldi.

Onuň Alyhezretleri Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki gatnaşyklar häzirki wagtda örän üstünlikli ösýär.

Azerbaýjan hemişe doganlyk ýurdy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn üns berýär.

Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde amala aşyrylýan iş saparlary, şeýle hem dürli ugurlarda birnäçe resminamalara gol çekmegimiz we durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalarymyz möhüm strategiki rol oýnaýar.

Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy we Türkmenistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurt baştutanlarynyň syýasy erkini göz öňünde tutup we bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, däp bolan doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrarys we özara hyzmatdaşlygymyzyň ugurlaryny has hem giňelderis.

Biziň özara hyzmatdaşlygymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli dowam edýär. Muňa Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň halkara platformalarynda öňe süren başlangyçlarynyň özara goldawy şaýatlyk edýär.

Azerbaýjan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna hormat goýýar. Şunuň bilen bagly, Azerbaýjan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalaryny goldaýan ilkinji ýurtlaryň biri boldy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolup, daşary syýasatda uly üstünlikler gazandy, bu bolsa bizi diýseň begendirýär.

Her ýyl 12-nji dekabrda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli, doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys.

Çykyşymy, onuň Alyhezretleri Azerbaýjanyň Prezidenti jenap Ylham Alyýewiň gatnaşyklarymyzy takyk häsiýetlendirýän sözleri bilen tamamlamak isleýärin: “Azerbaýjan hemişe Türkmenistanyň üstünliklerine we gazananlaryna begenýär.”

Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, asudalyk we abadançylyk tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Bitaraplyk baýramyň gutly bolsun, Türkmenistan!

Gismеt Gezalow

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026