Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylary üçin umumy sapak geçirer


13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylary – Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň geljekki IV oýnuna gatnaşyjylar üçin umumy sapak geçirer.
Sapak «XVII-XVIII asyrlarda Osman imperiýasynyň halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty» temasyna bagyşlanar, mekdep okuwçylary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» intellektual bäsleşiginiň IV oýnunda çykyş ederler.
Umumy sapak bäsleşige gatnaşyjylara tema boýunça bilimlerini giňeltmäge kömek eder, ýokary synp okuwçylary taryhy döwrüň wakalary we bu döwürde milli diplomatiýa mekdebiniň ösüşi barada täze peýdaly maglumatlary alarlar.
13-nji dekabrda sagat 15:00-da başlajak sapagy Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew geçirer.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň IV oýny şu ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler. Oňa gatnaşýanlaryň toparyna bäsleşige taýýarlyk görmek üçin institutyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynda taslamanyň guramaçylyk komitetiniň maslahat berýän edebiýatlarynyň giň sanawy ýerleşdiriler.
ORIENT news








