Zimbabweniň Türkmenistandaky ilçisi resmi taýdan öz wezipesine girişdi


Zimbabwe Respublikasynyň ilçisi Braýt Kupemba, 7-nji dekabr, penşenbe güni milli Mejlisde geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.
Spiker ilçini Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan işe girişmegi bilen gutlady we işinde üstünlik arzuw etdi. Diplomat bilen geçirilen söhbetdeşlikde ol oňyn bitaraplyk, parahatçylyk we Afrika yklymyny goşmak bilen ähli ýurtlar bilen konstruktiw hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň içerki syýasatynyň we daşary syýasat strategiýasynyň esasy taraplaryny beýan etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlament mümkinçiliklerine hem aýratyn üns berildi. Diplomat Mejlisiň ýurtda durmuş-ykdysady maksatnamalary we demokratik özgertmeleri kanun taýdan goldamakdaky işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistan we Zimbabwe Respublikasy 1999-njy ýylyň 22-nji martynda bilelikdäki komýunikä gol çekip diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
ORIENT news








