Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Kuweýtiň ilçisinden ynanç hatlaryny kabul etdi


Mejlisiň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa penşenbe güni, 7-nji dekabrda Kuweýt döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýehiň ynanç hatlaryny kabul etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan diplomatyň bu wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa işinde üstünlik arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Kuweýt döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda, şol sanda iri halkara guramalarynyň çäginde, üstünlikli ösýän türkmen-kuweýt döwletara gepleşikleriniň köp sanly meselesi boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Diplomat Türkmenistanyň daşary syýasatynyň häzirki wezipeleri we ýurduň içerki reformalary, üýtgeýän özgerişleri barada habarly boldy.
Bader Abdullah Almunaýeh, ilçi wezipesinde işlejek döwründe Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine goşant goşjakdygyna ynandyrdy.
ORIENT news








