Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuweýtiň we Zimbabweniň täze bellenen ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi
Dekabr 07, 2023 | 20:08 |5339


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuweýtiň we Zimbabweniň täze bellenen ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Olar daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewe ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdylar.
Kuweýt döwletiniň (edara binasy Tähran şäherinde) täze bellenen ilçisi Bader Almunaýeh we Zimbabwe Respublikasynyň ilçisi Braýt Kupemba (edara binasy Tähran şäherinde) bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








