HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaz ibermek mümkinçiliklerine garaýar

Dekabr 07, 2023 | 13:32 |9909
Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisiniň dowamynda Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Türkiýä tebigy gaz ibermek taslamasynyň wajyplygy nygtaldy.Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisiniň dowamynda Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Türkiýä tebigy gaz ibermek taslamasynyň wajyplygy nygtaldy.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisiniň dowamynda Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Türkiýä tebigy gaz ibermek taslamasynyň wajyplygy nygtaldy.

Şol sanda taraplar türkmen tebigy gazyny türk bazaryna ibermek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň tebigy serişdeler binýady gyzyklanma bildirýän ýurtlary we sebitleri energiýa serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda “Galkynyş” gaz känine möhüm orun degişlidir.

Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň soňky ýyllarda döreden gaz infrastrukturasy Türkmenistana öz tebigy gazyny günbatar ugry boýunça uly möçberde ibermäge giň mümkinçilik berýär. Beýan edilenlerden ugur alnyp, ýokarda ady agzalan taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi we taraplar ýakyn wagtda ugurdaş edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge girişmegi ylalaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026