HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe türkmen gazyny we elektrik energiýasyny dünýä bazarlaryna ibermekde bilelikde işlemäge taýýar

Dekabr 06, 2023 | 20:54 |12548
Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2022-nji ýylda 2 milliard dollardan geçendigini, şu ýylyň 11 aýynda bolsa, 2,5 milliard dollara ýetendigini we ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 3 milliard dollara ýetirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2022-nji ýylda 2 milliard dollardan geçendigini, şu ýylyň 11 aýynda bolsa, 2,5 milliard dollara ýetendigini we ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 3 milliard dollara ýetirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2022-nji ýylda 2 milliard dollardan geçendigini, şu ýylyň 11 aýynda bolsa, 2,5 milliard dollara ýetendigini we ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 3 milliard dollara ýetirilmegine garaşylýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde taraplar özara söwdanyň möçberini ýylda 5 milliard dollara ýetirmek meselesini goýupdylar.

Ýylmaz hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde energetikany görkezdi. "Bu gün dürli derejedäki energiýa meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdyk" diýip, ol belledi. "Anadolu" habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, Jewdet Ýylmaz: "Subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda köpri hökmünde hyzmat edýän Türkiýe bilen tebigy gazyň dünýä bazarlaryna çykarmak meselesinde hyzmatdaşlyk edýär" diýip nygtady.

Jewdet Ýylmaz öz ýurdunyň elektrik üpjünçiliginde hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. "Türkmenistan bilen elektrik energiýasyny we tebigy gazy dünýä bazarlaryna eltmek üçin bilelikde täze we örän uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge we ösdürmäge taýýardyrys. Biz Türkiýä baranymyzdan soň ähli degişli edaralarymyzyň, hususan-da Energetika ministrligimiziň ýolbaşçylaryny bir ýere jemläris we bilelikde bu mesele boýunça anyk çäreleri göreris" diýip, ol aýtdy.

Ulag ulgamy, hususan-da Orta geçelge boýunça ýükleri daşamagy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. “Türkmenistan we beýleki degişli ýurtlar bilen Orta geçelge boýunça ýük daşalyşyny ösdürmek boýunça işleri alyp barýarys. Ulag logistikasy meselesinde bilelikdäki tagallalary geljekde hem dowam etdireris " diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz belledi.

Şeýle hem şu gün Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet düzümi Arkadag şäherine baryp gördüler. Myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk toplumynda "Galkynyş" at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny synladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026