Türkmenistanda hytaý dilini iň ökde bilýän mekdep okuwçylary kesgitlenildi


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta we ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hytaý dili boýunça ilkinji olimpiadany geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ders bäsleşiginiň birinji tapgyrynda mekdep okuwçylary “Geljekki kärim” mowzugy boýunça hytaý dilinde düzme ýazdylar. Düzmelere Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Uzak Gündogar dilleri fakultetiniň hytaý dili mugallymlary baha berdiler.
Iň gowy netijeleri görkezen 25 okuwçy ýaryşyň jemleýji tapgyryna saýlandylar. Olaryň hatarynda dürli daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylary bar. Olimpiadanyň ikinji tapgyry ady agzalan ýokary okuw mekdebinde geçirildi.
Ýörite sanly ulgamda olimpiadanyň ýeňijileri kesgitlenildi. Bäsleşigiň baş baýragyna Aşgabat şäheriniň 42-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýnur Sapargylyjowa eýe boldy. Birinji orna 50-nji mekdepden Eziz Çaryýarow, 55-nji mekdepden Hakmyrat Annadurdyýew, 12-nji mekdepden Asiýat Lýaşuk we Ýekaterina Bukaýewa, 60-njy mekdepden Muhammetmyrat Allaberdiýew, 43-nji mekdepden Aýlar Ýamazmyradowa 5-nji orta mekdepden Meňli Kadyrowa eýe boldy.
Ikinji orny Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Leýli Maksudowa, 50-nji mekdebiň okuwçylary Maksat Akmämmedow we Aýlar Amanowa eýelik etdiler. Üçünji baýrakly orna bolsa, degişlilikde 74-nji we 115-nji orta mekdepleriň okuwçylary Meňlihan Sähetgeldiýewa we Sähra Nurýagdyýewa we 115-nji mekdepleriň okuwçylary mynasyp boldular.
ORIENT news








