HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-türk işewürlik forumy ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň artmagyna täze itergi berer

Dekabr 06, 2023 | 16:22 |4985
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu sergi şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylýar.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu sergi şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylýar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu sergi şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylýar. Onuň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Türkmen-türk işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

“Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň hem-de onuň çäklerinde geçiriljek işewürlik maslahatynyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip hatda bellenýär.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ägirt uly ylmy-tehniki we senagat mümkinçiliklerini aýdyň görkezýän bu köpugurly sergi iki ýurduň işewürler toparlarynyň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026