Gumanomika: döwrebaplaşdyrmagyň gözbaşlary siwilizasiýanyň çuň köklerinde


“Sinhua” habar gullugy ýekşenbe güni Guançžouda dowam edýän V Bütindünýä metbugat sammitinde gözleg hasabatyny hödürledi. Agentligiň seljeriş merkezi tarapyndan taýýarlanan "Täze döwürde gumanomika" ady bilen hasabat “Sinhua” habarlar gullugynyň prezidenti Fu Hua tarapyndan hödürlendi.
Ýedi bölümden ybarat bolup ol Hytaýyň döwrebaplaşdyrylyşyny öňe sürmek prosesinde halka gönükdirilen çemeleşmä we medeniýetiň hem-de ykdysadyýetiň toplumlaýyn ösüşine ünsi jemläp, Hytaýyň täze ösüş formatyna syny hödürleýär.
Fu Hua, Hytaýyň ynsanperwer ylymlaryň we ykdysadyýetiň simbiotik täsirini dowam etdirmek, adam ösüşiniň täze modelini döretmek we halkara derejesinde ykrar edilen üstünlikleri gazanmak arkaly ýokary hilli ösüşe tarap barýandygyny aýtdy.

Gumanomikanyň (ynsan ýüzi bilen ykdysadyýet), adaty we häzirki zaman faktorlaryň birleşmegini, ykdysady ösüşiň adam ýörelgesine gaýdyp gelmegini we Hytaýy döwrebaplaşdyrmagyň gözbaşlarynyň siwilizasiýanyň köklerinden gözbaş alýandygyny belläp geçdi.
“Täze döwürde gumanomika” hasabaty birnäçe ölçegleri birleşdirýär: filosofiki, amaly we usulyýet. Aýratyn mysallary, sanlary we faktlary ulanmak bilen geçirilen gözlegler adam, medeniýet we ykdysadyýetiň arasyndaky baglanyşygy açýar. Şu günki görkeziliş – bu iň soňky bap bolman, hyzmatdaşlygyň täze başlangyjydyr diýmek bilen Fu Hua daşary ýurtly kärdeşlerini bu işe goşulmaga çagyrdy.

“Sinhua” agentligi, Bütindünýä metbugat sammiti ýaly platformalar arkaly, dünýädäki habar beriş serişdeleri bilen alyş-çalyşy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge garaşýar, bu bolsa gumanomika baradaky maglumat we seljeriş işlerinde has gowy we gyzykly netijelere goşant goşar diýip Fu Hua sözüni jemledi.
Meşhur iňlis žurnalisti, akademik, syýasy kommentator we ýazyjy, Kembrij uniwersitetiniň Syýasat we halkara barlaglar kafedrasynyň uly ylmy işgäri Martin Žak hem öz çykyşynda gadymy döwürlerden bäri Hytaý ykdysadyýetinde adamlaryň merkezde bolandygyny we Günbatar ykdysadyýetiniň merkezinde bolsa, kapital (maýa) boldy diýip, belläp geçdi. Milli mirasyň bir bölegi hökmünde ynsanperwerlik däp häzirki Hytaýda hem dowam edýär, bu bolsa ony dowam etdirýän ykdysady özgerişlerinde gaty tapawutly we üstünlikli edýär.

Bütindünýä metbugat sammiti Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda şol sanda Türkmenistan ýaly, 100-den gowrak ýurtdan 200-e golaý guramanyň, şol sanda habar beriş serişdeleriniň, seljeriş merkezleriniň we halkara guramalarynyň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemledi.
ORIENT news








