HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-rus işewürlik forumy Hökümetara toparynyň mejlisine gabatlanyp geçiriler

Dekabr 04, 2023 | 19:46 |8353
Hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň 12-nji mejlisi 2022-nji ýylyň dekabrynda Moskwada geçirilipdi.Hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň 12-nji mejlisi 2022-nji ýylyň dekabrynda Moskwada geçirilipdi.
Çeşme: ros-con.ru

Türkmenistanda ikinji Türkmen-rus işewürlik forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Ol Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçiriler. Bu barada Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşenbe güni Moskwada bolan duşuşygyna salgylanyp, Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

"Biz strategiki hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topary netijeli işleýär. Onuň indiki mejlisine taýýarlyk görülýär. Onuň şu gezekki mejlisiniň has-da netijeli bolmagy üçin, onuň çäklerinde bilelikdäki işewürlik forumy hem geçiriler"-diýip, Sergeý Lawrow belledi.

Hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň 12-nji mejlisi 2022-nji ýylyň dekabrynda Moskwada geçirilipdi.

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçirildi, oňa gatnaşmak üçin premýer-ministr Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň uly wekiliýeti geldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026