Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşlar maslahatyna we sergisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy


2-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Söwda-senagat edarasynda Hökümet agzalarynyň, Halk Maslahatyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň we beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahatyny we sergisini geçirmek, bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, döwletiň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň jemini jemlemek, olary sylaglamak meseleleri maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhumamedow bu serginiň milli we döwrebap äheňde bolmalydygyny, hususan-da, bezeg hem-de dizaýn işlerine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunda sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň işläp taýýarlamalary şöhlelendirilmelidir.
Iş maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, olaryň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri, ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlary berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
ORIENT news








