5-nji Bütindünýä media sammitinde bilelikdäki beýannama kabul edildi


Ýekşenbe güni Hytaýyň günortasyndaky Guandun sebitiniň Guançžou şäherinde 5-nji Bütindünýä media sammitiniň umumy mejlisinde bilelikde beýannama kabul edildi.

Sammite 100-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, 200-e golaý guramadan, şol sanda habar beriş serişdeleriniň, maglumat ýaýradyş merkezleriniň we 450-den gowrak wekil gatnaşýar.

“Dünýäde ynamy pugtalandyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşini öňe ilerletmek” ady bilen geçirilýän büntindünýä forumynda esasan 4 ugra aýratyn üns berler. Olar: “Ynamy berkitmek: metbugatyň adam ösüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdaky orny”, “Özgertmeleri kabul etmek: köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täze tehnologiki mümkinçiliklere we kynçylyklara jogap berşi”, “Ileri görülýän innowasiýa: Sanly döwürde täze media bazarlary” we “Ösüş gözleginde: has gowy geljek üçin ählumumy media hyzmatdaşlygy” diýlip atlandyrylýar.

Bilelikdäki beýannamada häzirki asyrymyzda dünýäde ägirt uly özgertmeleriň bolup geçýändigini, näbelliligiň we garaşylmadyk delilleriň köpelýändigini bellenilip, gatnaşyjylar ýaşaýşyň, döwrüň we geçmişiň ýüze çykarýan soraglaryna jogap bermek üçin dünýä mediasyny aragatnaşyk köprüsi hökmünde ulanmaga çagyrdylar.

Resminamada täze tehnologiýalaryň çalt ösmeginiň binýadynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde žurnalistikanyň etika we hünär ülňülerine laýyk gelmelidigi, innowasiýalary işjeň girizmelidigi hem-de täze tehnologiýalary netijeli peýdalanmalydygy aýdylýar.

Onda habar beriş serişdelerine bolan ynamy saklamak üçin hakyky, obýektiw, hemmetaraplaýyn we bitarap habarlary diňleýjilere ýaýratmaly, nädogry maglumatlara garşy çykmaly, galp maglumatlara we nädogry garaýyşlara garşy durmaly diýilýär.

Gatnaşanlar şeýle hem ählumumy media guramalaryny hyzmatdaşlygy berkitmäge, dünýä metbugat pudagynyň umumy ösüşini ösdürmäge we dürli taryhy, medeni däp-dessurlary we ösüş derejeleri bolan ýurtlar bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegi we aragatnaşygy ösdürmäge, çalt depginde özgerýän dünýämizde durnuklylygy üpjün etmek we oňyn garaýyşly gurşawy emele getirmäge çagyrdylar.
ORIENT news








