Guançžou şäherinde Bütindünýä media sammiti açyldy: üns merkezinde ynanyşmak we tehnologiýa


3-nji dekabrda Hytaýyň Guangdong welaýatynda 5-nji Bütindünýä media sammiti badalga aldy. Bu sebitiň Guançžou şäherinde geçirilýän sammite dünýäniň 101 ýurdundan, BMG we beýleki halkara guramalaryndan jemi 450-den gowrak wekil gatnaşýar.

Ählumumy foruma dünýä metbugatynyň wekiliýet agzalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumat-seljeriş müdirliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň we “Media-Türkmen” habarlar agentliginiň wekilleri gatnaşýarlar.

“Dünýäde ynanyşmagy pugtalandyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşini ilerletmek” ady bilen geçirilýän çärede gatnaşyjylar media giňişliginiň geljegini we wehimlerini, geljeiň metbugat nusgalaryny emele getirmekde täzeçil çemeleşmeleri we strategiýalary işläp taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Dünýäniň 197 habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň çagyrylan forumy Hytaýyň “Sinhua” habarlar agentligi tarapyndan guraldy. Onuň açylyş dabarasyna “Sinhua” habarlar agentliginiň baş direktory Fu Hua, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň propaganda bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Heping, Guangdong welaýatynyň häkimi Wan Weýçžun Guançžou şäheriniň häkimi Sun Ziýang gatnaşdylar. BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy aragatnaşyk boýunça orunbasary Melissa Fleming tomaşaçylara sanly ulgam arkaly ýüzlendi.

Şeýle hem açylyş dabarasynda Ýaponiýanyň “Kyodo News” habarlar agentliginiň prezidenti Toru Mizutani, “Roýter” habarlar gullugynyň başlygy Sýu Bruks we “TASS-yň” baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana söz berildi. Mundan başga-da, “People Daily”, “Associated Press”, “Agence France-Presse” we beýleki habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Çykyşlaryň hemmesinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde internet döwrüniň iň möhüm oýlap tapyşy bolan täze tehnologiýalaryň we emeli intellektiň mümkinçilikleriniň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler ähli ajaýyp ukyplaryna garamazdan, emeli intellekt žurnalistikasynyň diňe mehaniki işleriň kömekçisi bolmak bilen adamlaryň ýerini tutup bilmeýändigi baradaky umumy pikiri beýan etdiler. Žurnalistikanyň esasy ýüzi adam, onuň ruhyýeti we zehinidir.

Şeýle hem gürrüň maglumat ýaýratmagyň esasy ýoly bolan sosial ulgamlaryň surat, wideo mazmunlary, resminamalar we olaryň ygtybarlygy barada boldy. Häzirki döwürde galp we anyk bolmadyk maglumatlara garşy göreşmek möhüm wezipä öwrüldi.

Umuman aýdanyňda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çalt özgerýän sanly tehnologiýalara uýgunlaşdyrmak zerurdyr. Bütindünýä media sammiti bu meseleler boýunça pikir alyşmaga we bilelikdäki çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär.
Bütindünýä media sammiti Hytaýyň Guançžou we Kunmin şäherlerinde 8-nji dekabra çenli dowam eder. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar dürli mejlislerde we duşuşyklarda maglumatlary ýaýratmagyň strategiýalaryny we meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
ORIENT news








