HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan gämi abatlaýyş we gurluşyk kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär

Dekabr 03, 2023 | 00:20 |8563
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Dubaýda geçirilen COP28 Bütindünýä howa sammitine gatnaşyp, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet edaralarynyň bilen işewür guramalarynyň arasyndaky birnäçe ylalaşyklara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada şenbe güni, 2-nji dekabrda “Akorda” metbugat gullugy  habar berdi.Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Dubaýda geçirilen COP28 Bütindünýä howa sammitine gatnaşyp, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet edaralarynyň bilen işewür guramalarynyň arasyndaky birnäçe ylalaşyklara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada şenbe güni, 2-nji dekabrda “Akorda” metbugat gullugy  habar berdi.
Çeşme: akorda.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Dubaýda geçirilen COP28 Bütindünýä howa sammitine gatnaşyp, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet edaralarynyň bilen işewür guramalarynyň arasyndaky birnäçe ylalaşyklara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada şenbe güni, 2-nji dekabrda “Akorda” metbugat gullugy habar berdi.

Hususan-da, Gazagystanda gämi abatlaýyş we gurluşyk kärhanasyny döretmek ýörelgeleri barada “NK KazMunaýGaz” bilen “AD Ports Group”-yň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyga laýyklykda taraplar, Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarynda gämi abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň gurulmagy meselesini öwrenmek üçin bilelikdäki iş toparyny döreder.

“Abu Dhabi Ports Group”, şeýle hem Gazagystan “NK Temir Žoly” bilen bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ylalaşyk baglaşdy.

Mundan başga-da, Gazagystan Respublikasy bilen BAE-niň arasynda ýel elektrik stansiýasy taslamasyny (1 GWt) durmuşa geçirmek barada Hökümetara ylalaşygyna hem-de Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrligi, “Samruk-Kazyna” paýdarlar jemgyýeti we BAE-niň Maýa goýum ministrligi Gazagystanyň çäginde umumy kuwwaty 10 GWy bolan pes uglerodly energiýany ösdürmek barada özara düşünişmek boýunça Ähtnama we beýleki resminamalara gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026