HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet elektron hyzmatlary portalyny näme üçin peýdalanmaly?

Dekabr 02, 2023 | 14:56 |7069
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň “e.gov.tm” domenli Döwlet elektron hyzmatlary portaly ilata hödürlenilýän elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini özünde jemledi.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň “e.gov.tm” domenli Döwlet elektron hyzmatlary portaly ilata hödürlenilýän elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini özünde jemledi.
Çeşme: ahal.info

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň “e.gov.tm” domenli Döwlet elektron hyzmatlary portaly ilata hödürlenilýän elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini özünde jemledi.

Häzirki wagtda bu web-portalda hödürlenýän hyzmatlaryň sany 500-den geçýär we öz gezeginde bu hyzmatlardan peýdalanýan ulanyjylaryň sany hem yzygiderli artýar.

e.gov.tm - bu raýatlara döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini onlaýn peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman onlaýn platformadyr. Onuň "Android" we "IOS" operatiw düzümli elektron enjamlara ýükläp alyp bolýan mobil programmalary hem hereket edýär. Onuň islendik ýaşdaky ulanyjy üçin düşnükli we ýönekeý interfeýs gurluşy bar.

Döwlet elektron hyzmatlarynyň portaly iki dilde - türkmen we rus dillerinde elýeterlidir.

Onda döreden şahsy hasabyňyz arkaly aragatnaşyk we onlaýn hyzmatlaryny oturan ýeriňizde ulanyp, töleg geçirip, sargyt edip, bilet satyn alyp hem-de “onlaýn kitaphana” we “elektron mekdep” hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz. Şeýle hem, platforma arkaly onlaýn hukuk kömegini hem alyp bolýar.

Onlaýn platformada howa maglumaty we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gije-gündiziň dowamynda kesgitlenen walýuta hümmeti bilen tanyşmak mümkinçiliklerine hem eýedir.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi elektron hyzmatlar portalynyň mümkinçiliklerini yzygiderli ýokarlandyrýar we ulanyjylar üçin amatly bolar ýaly işini kämilleşdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026
Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

14:00 Awgust 13, 2026
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026