HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýollary Gyrgyzystany we Azerbaýjany amatly özara baglanyşdyryp biler

Dekabr 02, 2023 | 09:40 |7099
Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň
Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri
geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara
multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy
mowzugy boldy.Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň
Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri
geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara
multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy
mowzugy boldy.
Çeşme: mtd.gov.kg

Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy boldy.

Gepleşiklerde Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak isleýändiklerini mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Degişli ulag geçlegesiniň netijeliliginiň Türkmenbaşy we Alat portlarynyň işjeňligi bilen berk baglanyşyklydygy bellenildi. Şundan ugur alnyp, ýurtlaryň degişli düzümleri tarapyndan ylalaşylan halatynda degişli ugurda ýük daşamakda ýeňillikli tarifleriň girizilip bilinjekdigi öňe sürüldi.

Duşuşykda şeýle hem, parom gämilerinde agyr ýükleri daşamakda hiç hili çäklendirmeleriň ýokdugy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, gyrgyzystanly ýük daşaýjylar hem beýleki ýurtlaryň agyr ýükleri daşaýjy kompaniýalary ýaly birmeňzeş tertipde Alat portunyň mümkinçiliklerinden bökdençsiz peýdalanyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026