HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-niň iri telekommunikasiýa kompaniýasy 4 günlük iş hepdeligine geçýär

Dekabr 01, 2023 | 16:49 |5199
Kompaniýa eýýäm gibrid görnüşde işleri ýöretmek usulyny peýdalanýar. Onda işgärler hepdede iki gün uzak aralykdan işleýärler.Kompaniýa eýýäm gibrid görnüşde işleri ýöretmek usulyny peýdalanýar. Onda işgärler hepdede iki gün uzak aralykdan işleýärler.
Çeşme: arabianbusiness.com

Birleşen Arap Emirlikleriniň ozal “Etisalat Group”, häzirki wagtda bolsa, gysgaça “e&” ady bilen tanalýan iri telekommunikasiýa kompaniýasy käbir işgärler üçin hepdede 4 günlük iş tertibine geçmek meýilnamasyny synagdan geçirýär.

Arap kompaniýasy şeýle etmek bilen, iş ýerinde çeýeligi üpjün etmek baradaky ählumumy çagyryşy kabul eden ilkinji tehnologiýa kompaniýasy boldy. “Iş ýerindäki strategiýalary gowulandyrmagyň zerurdygyna düşünýäris. Umumy kabul edilen köne kadalara garşy çykmak, täzelerini synag arkaly öwrenmek, işgärleriň we kärhanalaryň ösüşi üçin has täsirli we amatly şert döretmek möhümdir” diýip, “e&” kompaniýasynyň işgärleri saýlap almak boýunça direktory Dena Almansuri belleýär.

Kompaniýa eýýäm gibrid görnüşde işleri ýöretmek usulyny peýdalanýar. Onda işgärler hepdede iki gün uzak aralykdan işleýärler.

Şeýle günleriň biri anna gününe düşýär we ony işgärler “Ýaşyl anna” diýip atlandyrýarlar. Bu edara ýerlerinde energiýa sarp edilişini we ulagda uglerod zyňyndylaryny azaltmak arkaly durnuklylyga ygrarlylygy görkezýär.

Bütindünýä ykdysady forumy (WEF) tarapyndan neşir edilen gözlegiň netijesine görä, bu model özüniň netijeliligini eýýäm subut etdi. Ol işgärleriň abadançylyk we öndürijilik derejesini ýokarlandyryp, daşky gurşawa uly goşant goşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026