Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri ukrainaly kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşdylar


30-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň ýanyndaky Gennadiý Udowenko adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we halkara gatnaşyklar we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow hem-de Gennadiý Udowenko adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň direktory, Ukrainanyň Adatdan daşary we Dol ygtyýarly ilçisi Gennadiý Nadolenko we direktoryň orunbasary Oleksandr Kiriçenko gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýokary okuw mekdebiniň ylmy we terbiýeçilik işlerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem seminarlary, gözleg işlerini, şol sanda makalalary we okuw kitaplaryny çap etmek, akademiki maksatnamalary alyş-çalyş etmek boýunça bilelikdäki guramaçylyk pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Diplomatik ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 10 ýyldan bäri dowam etdirilýändigini bellemek möhümdir . Taraplar 2013-nji ýylda Özara hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Şondan bäri ýokary okuw mekdepleri bilim we gözleg işleriniň çäginde işjeň gatnaşyk edýärler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar on ýyllyk gatnaşyklaryň netijelerine baha berdiler we özara gatnaşyklaryň geljegini seljerdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri ukrain kärdeşlerini Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga çagyrdylar.
Merdan Berdinyýazow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.








