HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tansçy Aýazbaba Fillipinler döwletiniň paýtagtynyň ýol hereketine gözegçilik edýär

Noýabr 30, 2023 | 11:53 |7914
Dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda Aýaz baba lybasynda geýnen ýol gözegçisi dowamly ulag dyknyşygy bilen tanalýan Filippinleriň paýtagty Manilada ulaglary ýol hereketini kadalaşdyrýar.Dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda Aýaz baba lybasynda geýnen ýol gözegçisi dowamly ulag dyknyşygy bilen tanalýan Filippinleriň paýtagty Manilada ulaglary ýol hereketini kadalaşdyrýar.
Çeşme: AFP

Dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda Aýaz baba lybasynda geýnen ýol gözegçisi dowamly ulag dyknyşygy bilen tanalýan Filippinleriň paýtagty Manilada ulaglary ýol hereketini kadalaşdyrýar.

Tans edýän Aýazbaba çylşyrymly tans hereketlerini görkezmek bilen ýolagçylary we awtoulag sürüjilerini begendirýär. 57 ýaşyndaky ýol gözegçisi Ramir Hinohas adamlary tukatlykdan saplanmaga we göwnüni götermäge çalyşýar.

“Bu adamlar ýolda garaşýarka olaryň ruhuny belende götermek üçin edip bilýän ýeke-täk zadym. Muny dowamly etmek üçin maňa yzygiderli türgenleşmek zerur bolýar. Sport bilen meşgullanmasam, özümi ejiz duýaryn. Meniň aradan çykan kärdeşlerim köp, olar hemişe diňe şol ýerde durdular, gymyldamaýardylar, şonuň üçin syrkawlaýardylar. Kesellemez ýaly maňa başga görnüşde çemeleşmek gerek. Şonuň üçin-de özümi işjeň ýagdaýda saklamaga çalyşýaryn” diýip, ol belleýär.

Sürüjiler tansçy Aýazbaba barada şeýle teswirleri paýlaşýarlar:

— Hemme zat ýerbe-ýer. Tansçy hem-ä ýol hereketini dolandyrýar hem-de adamlara azajygam bolsa, şatlyk paýlaýar.

— Biz garaşyp ýa-da sürüp barýarkak, onuň tans edişini görüp begenýäris. Ol hiç hili kynçylyk çekmeýän adama meňzeýär we adamlara şatlyk paýlaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026