HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň we ASEAN ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilelikdäki media-syýahatda boldylar

Dekabr 01, 2023 | 17:05 |8808
China Daily web saýty we ASEAN-Hytaý merkezi tarapyndan Interneti ösdürmegiň Hytaý gaznasy bilen bilelikde guralan halkara Hytaý-ASEAN media-syýahaty tamamlandy.China Daily web saýty we ASEAN-Hytaý merkezi tarapyndan Interneti ösdürmegiň Hytaý gaznasy bilen bilelikde guralan halkara Hytaý-ASEAN media-syýahaty tamamlandy.
Çeşme: chinadaily.com.cn

China Daily web saýty we ASEAN-Hytaý merkezi tarapyndan Interneti ösdürmegiň Hytaý gaznasy bilen bilelikde guralan halkara Hytaý-ASEAN media-syýahaty tamamlandy.

Media-syýahat Hytaýyň we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assossiýasiýasyna girýän ýurtlaryň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

“Bir guşak-bir ýol” başlangyjynyň on ýyllygyna gabatlanyp geçirilen çäre hytaý kärhanalarynyň gazanan sepgitlerini hem-de Hytaýyň we ASEAN ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň taryhyny açyp görkezmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu çäre ýurtlaryň arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny nygtaýar.

Media-syýahat Jakartada ýokary tizlikli Jakarta-Bandung demirýolunyň Halim stansiýasynda badalga aldy. 142,3 km bolan ýokary tizlikli demirýol Indoneziýanyň paýtagty Jakartany ýurduň ululygy boýunça dördinji şäheri bolan Bandung bilen baglanyşdyrýar. Bu demirýol Hytaýyň öňe sürýän “Guşak we ýol” başlangyjy bilen Indoneziýanyň “Ählumumy deňiz daýanjy” atly strategiýasyny birleşdirýän taslama bolup durýar. Bu demirýol adamlar üçin howpsyz we rahat syýahaty üpjün edýär.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar Singapurdaky Wintech Nano-Technology Services Pte Ltd kompaniýasyna baryp gördüler. Bu kompaniýa ýarymgeçiriji çipleri seljermek we synag etmek ulgamynda ählumumy işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýar.

Olar Jakartadaky Cainiao Cikarang logistika parkyna hem baryp gördüler. 6 ammardan ybarat bolan bu logistika merkezi ýerli işewürligiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, şeýle hem halkara söwdany höweslendirmek üçin niýetlenendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026