HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy we söwda howpsuzlygy boýunça meseleler Aşgabatda geçirilen okuw seminarynda maslahatlaşyldy

Noýabr 30, 2023 | 15:57 |13041
27-30-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy we söwdany goramak çäreleri barada seminar geçirildi.27-30-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy we söwdany goramak çäreleri barada seminar geçirildi.
Çeşme: Çäräni guraýjylar

27-30-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy we söwdany goramak çäreleri barada seminar geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň goldawy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada söwda maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Okuw seminara ýurduň 25-den gowrak ministrliginiň we pudak edaralarynyň 55-e golaý hünärmeni, şeýle hem Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ykdysady we diplomatik dersleri boýunça mugallymlary gatnaşdylar. Dört günläp dowam eden seminarda BSG, onuň esasy şertnamalary we düzgünleri, söwdany liberallaşdyrmak, içerki bazary goramak çäreleri, şeýle hem söwdany goramak gurallary boýunça çekişmeler guraldy.

Ömrüniň köp bölegini Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitleriniň ýurtlarynyň Hökümetleri we hünärmenler bilen işlemek bilen geçiren USAID-iň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň halkara söwda hünärmeni Marius Bordalbanyň pikiriçe bu sebitlerdäki döwletleriň BSG-a goşulmagy olaryň ykdysadyýetleriň mundan beýläk-de ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Onuň pikiriçe, BSG agzalygynyň esasy artykmaçlyklary söwda liberalizasiýasynyň peýdaly bähbitleri bilen baglanyşyklydyr. Munuň netijesinde BSG-a agza ýurtlaryň sarp edijileri arzan bahadan haryt satyn alyp we söwdanyň gerimini has-da giňeldip bilerler. Bäsdeşligiň ýokarlanmagy bolsa, ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryny has ýokary ösüş derejesine çykarmaga kömek edýär.

1.jpg

Umuman aýdanyňda, BSG-ä goşulmak ýurtlaryň söwda işleriniň häzirki zaman söwda kadalaryna laýyklykda özgerdilmegini has gowy dolandyryşy, netijeliligi ýokarlandyrmagy, aç-açanlygy ösdürmegi aňladýar. Bu diňe bir eksportçylara we importçylara bähbitli bolman, eýsem içerki senagatyň we umuman ykdysadyýetiň hil taýdan ösmegine itergi berýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BSG bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Ylham Ýaraşow: "Türkmenistan BSG-a goşulmak meselesini 2013-nji ýylda öwrenip başlady, bu maksatlar üçin şertnamalary we BSG kadalaryny öwrenmek üçin hökümet topary döredildi" -diýdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistana 2020-nji ýylda BSG-de synçy derejesi berildi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurt üçin möhüm walalaryň birine öwrüldi.

2021-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan BSG-a goşulmak üçin ýüz tutdy we 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň ministrler maslahatynda ýurda gurama girýän işjeň synçy derejesi berildi hem-de biragyzdan tassyklandy. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň daşary söwdasyny düzgünleşdirmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak işine girişildi. Şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň çäginde täze ýörite bölümi esaslandyrmak üçin ýokary derejedäki iş topary döredildi.

2.jpg

Onuň sözlerine görä, agzalan Ähtnamanyň taslamasy häzirki wagtda ýurduň degişli ministrlikleri we pudak edaralaryi bilen, şeýle hem tehniki kömegiň dürli ugurlary boýunça halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň goldawy bilen işlenip düzülýär. Ýurduň BSG-ä girmeginde hyzmatdaşlaryň biri hem bu seminary gurnan ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligidir (USAID).

Seminaryň birinji gününde gatnaşyjylaryň ählisi BSG-niň esasy ýörelgeleri, gurama goşulmagyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem seminaryň dowam eden üç gününde söwdany goramak çäreleri giňişleýin maslahatlaşyldy. Bellenişi ýaly, şeýle çärelere antidemping, öwezini dolmak we ýörite gorag çäreleri ýaly gurallar girýär.

3.jpg

Halkara hünärmenleri bu ugurda BSG bilen köptaraplaýyn şertnamalary we gurallary netijeli peýdalanmak üçin degişli milli kanunçylygyň işlenip düzülmegini maslahat berdiler. Munuň üçin şu gezekki seminar örän möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda BSG-ä dünýä söwdasynyň 98% -ini düzýän 164 sany ýurdy özünde jemleýär. Türkmenistandandan daşary, ozalky sowet döwletleri bolan Belarus, Azerbaýjan, Özbegistan ýaly ýurtlar – jemi 25-e golaý döwlet gurama agza bolmak barada gepleşikleri geçirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026