HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçisi Lala Şöhradowa dünýä çempionatynda ilkinji onluga girdi

Noýabr 28, 2023 | 15:09 |8998
Türkmen küşt oýunçysy, FIDE ussady Lala Şöhradowa, Italiýanyň Montesilwano şäherinde 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ilkinji onluga girdi. Mümkin bolan 11-den 7.5 utuk gazanyp, Lala 8-nji ýeri eýeledi we Elo reýtingini 180 dereje ýokarlandyrmagy başardy.Türkmen küşt oýunçysy, FIDE ussady Lala Şöhradowa, Italiýanyň Montesilwano şäherinde 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ilkinji onluga girdi. Mümkin bolan 11-den 7.5 utuk gazanyp, Lala 8-nji ýeri eýeledi we Elo reýtingini 180 dereje ýokarlandyrmagy başardy.
Çeşme: TKF

Türkmen küşt oýunçysy, FIDE ussady Lala Şöhradowa, Italiýanyň Montesilwano şäherinde 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ilkinji onluga girdi. Mümkin bolan 11-den 7.5 utuk gazanyp, Lala 8-nji ýeri eýeledi we Elo reýtingini 180 dereje ýokarlandyrmagy başardy.

Lala Shohradova (edited).jpg

Bu kategoriýada 18 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda 86 türgen gatnaşdy we altyn medala Azerbaýjandan gelen türgen, FIDE ussady Aýýan Allahwerdiýewa mynasyp boldy.

Türgenlerimiziň arasynda ikinji iň gowy netijäni Lalanyň aýal dogany, FIDE-niň ussat kandidaty we soňky tapgyra çenli medal almak mümkinçiligi bolan Leýla Şöhradowa görkezdi. Soňky iki duşuşykda ýeňilen Leýla 7 utuk bilen bary-ýogy 12-nji ýeri eýeledi. Emma bu netije, türgenimiz üçin üstünlikli, sebäbi Leýla başlangyç reýting sanawynda 105 türgeniň arasynda 45-nji ýerde durýar. Şeýle hem Leýla Elo reýtingini 165 dereje ýokarlandyrmagy başardy.

Leyla Shohradova (edited).jpg

14 ýaşa çenli kategoriýada gyzlaryň arasynda bäsleşen üçünji türgenimiz Mähri Agamyradowa hem ýaryşy oňyn bellik bilen tamamlady, 125 gatnaşyjynyň arasynda 17-nji ýeri eýeledi. Mähri 7 utuk toplady we Elo reýtingini 130 dereje ýokarlandyrdy.

Türgenlerimiziň üçüsi hem dünýäniň iň güýçli 20-ligine girdi we bu, Türkmenistanda ýaş küştçi zenanlaryň ösüşini görkezýär.

Oglanlaryň arasynda 18 ýaşa çenli kategoriýada çykyş edip, 6 utuk toplap, Elo reýtingini 120-ä çenli ýokarlandyran mekdep okuwçysy Amanmuhammet Hommadow üstünlik gazandy. Russiýadan gelen saýlama grossmeýsterleriň biri Wolodar Murziniň hem Amanmuhammediň kategoriýasynda bäsleşendigini we ahyrynda ikinji ýeri eýeländigini ýatladýarys. Birinji orny başga bir rus grossmeýsteri Grebnew aldy.

Indi Amanmuhammet we Lala ýetip gelýän Günbatar Aziýa U20 çempionatyna taýýarlanýarlar.

Dünýä çempionatyna 92 ýurtdan 766 adam gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026