HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Noýabr 29, 2023 | 00:11 |7175
Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde "SOCAR" kompaniýasynyň prezidenti Rawşan Najafyň hem gatnaşmagynda ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we nebit-gaz pudagynyň beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilendigi aýdylýar.Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde "SOCAR" kompaniýasynyň prezidenti Rawşan Najafyň hem gatnaşmagynda ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we nebit-gaz pudagynyň beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilendigi aýdylýar.
Çeşme: mfa.gov.tm

28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika pudagyndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Azerbaýjana gaz ibermeginiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Azerbaýjana elektrik energiýasyny ibermek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ulag-üstaşyr baglanyşyklaryny ýola goýmak nukdaýnazaryndan ulagyň dürli görnüşlerinde ýük daşamagyň möçberi ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurlygy nygtaldy. Aragatnaşyk pudagynda geljegi uly ugurlar hem göz öňünde tutulýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm şert hökmünde görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragyniň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki dabaralary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-6.jpg

Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde "SOCAR" kompaniýasynyň prezidenti Rawşan Najafyň hem gatnaşmagynda ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we nebit-gaz pudagynyň beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilendigi aýdylýar. Bu barada "Report" neşiri habar berýär.

Taraplar energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň oňyn geljegini bellediler we gün tertibinde energiýa hyzmatdaşlygy, energiýa alyş-çalşygyndaky häzirki ýagdaýy we "Dostluk" uglewodorod ýatagyny bilelikde işlemegiň ösdürilişi barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026