HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “Agro-Pak Türkmenistan – 2023” halkara sergisi geçiriler

Noýabr 27, 2023 | 16:37 |8641
28-30-njy noýabrda Aşgabatda azyk, gaplama we oba hojalyk önümlerine bagyşlanan “Agro-Pak Türkmenistan-2023”  atly halkara sergisi geçiriler. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Sofuar” kompaniýasy tarapyndan guralýar.28-30-njy noýabrda Aşgabatda azyk, gaplama we oba hojalyk önümlerine bagyşlanan “Agro-Pak Türkmenistan-2023”  atly halkara sergisi geçiriler. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Sofuar” kompaniýasy tarapyndan guralýar.
Çeşme: orient.tm

28-30-njy noýabrda Aşgabatda azyk, gaplama we oba hojalyk önümlerine bagyşlanan “Agro-Pak Türkmenistan-2023” atly halkara sergisi geçiriler. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Sofuar” kompaniýasy tarapyndan guralýar.

Sergide Azerbaýjan, Germaniýa, Hytaý, Moldowa, Özbegistan we Türkiýe ýaly dürli ýurtlaryň kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary hödürlener. Gollandiýa, Russiýa we Eýran ýaly ýurtlar özleriniň ýörite pawilýonlaryny gurar.

Gatnaşyjylar dürli gaplama görnüşleri, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek önümlerini öndürmek tehnologiýasy, däne saklamak we üwemek üçin enjamlar, ýyladyşhana ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary, guş we maldarçylyk hojalygynyň tehnologiýalary, suwaryş ulgamlary, oba hojalyk önümleri, tohumlar hem-de dökünler bilen tanşyp bilerler.

“Sofuar” kompaniýasynyň wekili Ismail Enweroglunyň sözlerine görä, türkmen telekeçileri we daşary ýurt kompaniýalary “Agro-Pak” sergisine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu öz gezeginde çäräniň üstünlikli boljakdygyny görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026