HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky Döwlet býujeti 102 milliard manat möçberinde kesgitlendi

Noýabr 27, 2023 | 11:56 |7180
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Çeşme: cbt.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Oňa laýyklykda, geljek ýylyň Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102,313 milliard manatdan gowrak möçberde kesgitlendi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 91,544,7 million manat möçberinde, şol sanda býujetiň girdejiler we çykdajylar boýunça 22 096,2 million manat möçberde kesgitlendi.

Döwlet býujetiniň şu ýylky möçberi 95,117 milliard, Merkezleşdirilen býujetiniň möçberi bolsa, 85,378 milliard manat möçberde kesgitlenipdi. Şeýlelikde, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň möçberi 7 milliard manat, merkezleşdirilen býujeti hem 6 milliard manat möçberde ýokarlanar.

Býujetleriň deňeçerligini üpjün etmek maksady bilen Merkezleşdirilen býujetden Arkadag şäherine 211 million manat, Daşoguz welaýatyna 1,685 milliard amant, Lebap welaýatyna hem 1,089 milliard manat möçberde bölüp bermek bellendi.

Kanunda zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026