HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunlaryň taslamalaryny kabul etdi

Noýabr 26, 2023 | 14:21 |7112
Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.
Çeşme: tdh.gov.tm

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Onda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň esasy bölegi býujetden maliýeleşdirilýän dürli edaralaryň, hojalyk hasaplaşykdaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna hem-de bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdiriler.

Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra deputatlar «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026