Aşgabatda UNFPA-nyň global kampaniýasy başlady


Anna güni, 24-nji noýabrda BMG-niň Aşgabat şäherindäki öýünde “gender esasly zorluga garşy 16 gün işjeňlik” atly global kampaniýa öz işine başlady. Bu çärä ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, BMG-niň merkeziniň işgärleri we ýaş aktiwistler gatnaşdy.

Kabul edişlik, çäre başlamazyndan ozalky “welkom kofe” erkin networkingi bilen başlady. Soňra myhmanlar açylyş dabarasy üçin zalda ýygnandylar. Däp bolşy ýaly, açylyş dabarasynda guramaçylar - BMG-niň Türkmenistandaky sebit utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we UNFPA-nyň ýurtdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa çykyş etdiler.

Açylyş dabarasyndaky çykyşlarda gatnaşyjylaryň durmuşa geçirilýän taslamalar, geljek üçin meýilnamalar we potensial hyzmatdaşlyk baradaky soraglary boldy. Duşuşygyň ahyrynda inisiatiwanyň başlamagy üçin ýörite düşürilen wideo yazgy görkezildi. Mümkin bolan ýagdaýlaryň ýygyndysyny döretmek bilen, guramaçylar diňleýjilere iň möhüm pikiri ýetirip bildiler - enelerimiziň, uýalarymyzyň, zenanlarymyzyň, kärdeşlerimiziň mertebesine we hormatyna hormat goýmak we goramak zerurdyr...

“16 gün işjeňlik...” UNFPA-nyň başlangyjy bolup, bu çäre her ýyl bütindünýäde amala aşyrylýar. Kampaniýa 25-nji noýabrda, Aýal-gyzlara garşy diskriminasiýany ýok etmegiň Halkara gününde başlar we 10-njy dekabra, Bütindünýä adam hukuklary gününe çenli dowam eder.

Saparguly MAHTUMOW








