HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylary gutlady

Noýabr 25, 2023 | 15:48 |5353
23 - 28-nji noýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçirilýär.23 - 28-nji noýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçirilýär.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylaryň ählisini gutlady. Onda beden, ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ussat türgenleri taýýarlamak arkaly ýurdumyzy sport döwletine öwürmek bilen bir hatarda, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem uly üns berilýändigi nygtalýar.

Ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy bolsa ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir.

"Biziň günlerimizde hem göreş sungaty milli gymmatlyk hökmünde yzygiderli kämilleşdirilýär we ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen milli göreşi bilen bir hatarda, göreşiň beýleki görnüşlerine, şol sanda kuraş görnüşine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy hereket edýär. Türgenlerimiz kuraş boýunça halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar" diýlip, hatda bellenýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, sebitleýin halkara sport bäsleşikleriniň, şeýle hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen iri halkara ýaryşlary geçirmekde Türkmenistanyň ýeterlik tejribesiniň toplanandygy bellenildi.

23 - 28-nji noýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026