HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär

Noýabr 25, 2023 | 15:49 |5898
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi. Onda nygtalyşyna görä, Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär.

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär.

"TRACECA taslamalarynyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda tagallalary berkitmäge ýardam edýär diýlip döwlet Baştutanynyň hatynda bellenýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreleri geljekde-de yzygiderli durmuşa geçirjekdigini nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026