HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe özara söwda dolanyşygyny ýeňilleşdirmek üçin mehanizm döredýärler

Noýabr 23, 2023 | 21:50 |6790
Penşenbe güni 23-nji noýabrda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýäniň Söwda ministrliginiň wekilleriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi.Penşenbe güni 23-nji noýabrda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýäniň Söwda ministrliginiň wekilleriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Penşenbe güni 23-nji noýabrda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýäniň Söwda ministrliginiň wekilleriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk türkmen tarapynyň başlangyjy bilen wideo aragatnaşygy arkaly gurnaldy we üç ýurduň hökümetleriniň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki geňeş toparyny döretmek baradaky özara düşünişmek Memorandumyny durmuşa geçirmek maksat edinildi.

Gatnaşanlar ýakyn wagtda maslahat toparynyň agzalary barada maglumat alyşmaga razy boldular, ilkinji duşuşygynyň ýerini we wagtyny kesgitlediler, şeýle hem üç ýurduň gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulaglar barada birek-birege habar bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň web sahypasynda habar berilýär.

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýäniň Prezidentleriniň ilkinji üçtaraplaýyn sammitinde Türkmenistanyň hökümeti, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hökümeti bilen Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki geňeş toparyny döretmek barada özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilipdi.

Resminama, üç döwletiň arasynda harytlaryň çalt hereket etmegi üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, özara maglumat alyşmak we özara söwdanyň ösmegi we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026