HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Noýabr 23, 2023 | 20:53 |6709
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni, 23-nji noýabrda türkiýeli kärdeşi Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni, 23-nji noýabrda türkiýeli kärdeşi Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni, 23-nji noýabrda türkiýeli kärdeşi Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

“Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi"-diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat-beýanatynda bellenýär.

Diplomatik gullugyň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary yzygiderli syýasy gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Hakan Fidan Aşgabat şäherine geldi we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, ýakyn wagtda Türkiýä boljak resmi saparynyň doganlyk gatnaşyklarynyň täze sahypalaryny açjakdygyna ynam bildiripdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026