Londonda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär


Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň açylyşy çarşenbe güni 22-nji noýabrda Londonda boldy. Işewürlik çäresini Direktorlar instituty (IoD) kabul edýär. Bu kompaniýanyň direktorlarynyň, ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň we telekeçileriniň kärdeşler arkalaşygy, Beýik Britaniýanyň iň ilkinji professional ýolbaşçylar guramasydyr.
Türkmenistanyň hökümet wekiliýetine premýer-ministriň orunbasary Batyr Atdaýew ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem bu çärä "Türkmennebit", "Türkmengaz", "Türkmenhimiya" döwlet konsernleriniň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, maliýe we bank, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, suw hojalygy, elektrik energiýasy, dokma senagaty, gurluşyk we senagat toplumy, ulag-logistika ýaly pudaklaryň ýokary derejeli wekilleri şeýle hem, Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy we başgalar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum potensialy baradaky ara alyp maslahatlaşmalara Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, “Fitch Ratings” agentliginiň we “S&P Global” amerikan metbugatynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Umuman, çärä 350 töweregi adam gatnaşýar.

Forumyň iş sessiýalarynda wekilýetleriň ünsi Türkmenistanyň energetika we himiýa pudaklaryna maýa goýum mümkinçilikleri, ýaşyl maýa goýumlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod energiýasy ýaly temalara gönükdirildi. Türkmenistanyň wekillerinden başga-da, SOCAR, Dragon Oil, Yugneftegaz we forumyň guramaçysy Nielsonsmith ýaly ýurduň hyzmatdaş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem bu çäre pikirlerini alyşdylar.
Aýry-aýry tematiki sessiýalar, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş pudaklarynda täjirçilik mümkinçiliklerine, maýa goýumlaryna we oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine we dokma senagaty, maglumat tehnologiýalaryna, telekommunikasiýa, ulag-logistika ugurlary bilen Türkmenistanyň infrastrukturasyny ösdürmek üçin maýa goýumlary özüne çekmäge bagyşlandy. Şeýle-de aýry-aýry iş duşuşyklary we anyk teklipler we taslamalar boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi.
23-nji noýabrda, forumyň ikinji gününde, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň häzirki zaman tendensiýalara we pudaklardaky birnäçe tematiki sessiýalara bagyşlanan umumy mejlis hem geçiriler.
ORIENT news








