Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa önümleri satyldy


Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 23-nji noýabrda geçirilen söwda geleşiklerinde her tonnasynyň bahasy 387,00 ABŞ dollary bolan az kükürtli ýakyş mazudy we her tonnasy 252,50 - 266,50 ABŞ dollar bolan "B" kysymly karbamid daşarky bazara satyldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Malta Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden umumy bahasy 19 350 000,00 ABŞ dollarlyk az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýe we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewürleri "Türkmenhimiýa" döwlet konserninden "B" kysymly karbamidi 6 165 000,00 ABŞ dollaryna satyn aldylar.
Umumylykda penşenbe güni jemi bahasy 25 515 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 söwda geleşigi baglaşyldy.
ORIENT news








