BSGG-niň bilermenleri türkmenistanly lukmanlar üçin okuwlary geçýärler


Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň tehniki maslahat beriş toparynyň hünärmenleri milli lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanda okuwlary geçirýärler.
BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, bu okuwlar saglyk işgärlerine adamlaryň janyny halas etmek we saglygy agyr ýagdaýdaky näsaglara öz wagtynda, zerur lukmançylyk kömegini bermekde goşmaça bilimleri we amaly tejribeleri özleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Saglyk milli maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda gaýragoýulmasyz ilkinji kömegi bermek ulgamy hereket edýär. Munuň üçin ýurtda degişli döwrebap infrastruktura desgalary döredildi.
ORIENT news








