HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Atly sportuň Halkara federasiýasy Türkmenistanyň atçylyk toplumyna gyzyklanma bildirýär

Noýabr 24, 2023 | 11:37 |10700
Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, seminarlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikirler alşyldy.Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, seminarlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikirler alşyldy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm

Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Şu ýylyň 18-nji noýabrynda Atly sportunyň Halkara federasiýasyna (FEI) agza bolan dünýäniň 136 döwletiniň Atly sport federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu Baş Assambleýada atly sportuň görnüşleriniň düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de (FEI) Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň dürli komitetleriniň we dolandyryş müdiriýetiniň täze agzalaryny saýlamak boýunça ýygnak geçirildi. Mundan başga-da dünýäde atly sport we atçylyk boýunça gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi.

Atly sportuň Halkara federasiýasyna agza bolan daşary ýurt döwletleriniň atçylyk federasiýalarynyň wekilleri ýurdumyzda atçylyk pudagynda gazanylýan üstünliklere uly gyzyklanma bildirip, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde hem-de Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri alyp barmak, talypary okatmak we atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlary boýunça mümkinçilikleriň döredilmegini haýyş etdiler.

Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçiren Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletleriniň atçylyk federasiýalaryndan gelen ýolbaşçylar hem-de wekiller, Türkmenistanyň atçylyk pudagynda gazanýan uly üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdylar hem-de ýurdumyzy halkara arenasynda goldajakdyklary barada ynandyrdylar.

Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, seminarlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikirler alşyldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda Dünýä we sebitleýin çempionatlaryň kubogyny almak ugrunda tapgyrlaýyn bäsleşikleri geçirmek, atly syýahaty mahabatlandyrmak hem-de ösdürmek öwrenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026