HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen diplomaty Gidrologiýa maksatnamasy boýunça geňeşiň mejlisinde çykyş etdi

Noýabr 24, 2023 | 11:23 |5799
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýar.Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi we şol bir wagtyň özünde ýurduň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew Pariž şäherinde geçirilen Gidrologiýa maksatnamasy boýunça Hökümetara geňeşiniň 6-njy nobatdan daşary mejlisinde çykyş etdi.

Mejlisiň çäklerinde Halkara Gidrologiýa maksatnamasynyň býurosynyň, şeýle hem maliýe we aragatnaşyk komitetleriniň ýolbaşçylarynyň saýlawlary geçirildi. Şeýle hem býuronyň kararlary taýýarlaýan komitetiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çaryýew ýygnananlar bilen söhbetdeşlikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyldan her ýylyň 21-nji marty Buzluklaryň bütindünýä diýip yglan etmek boýunça Kararnamany kabul etmegiň ähmiýetini belledi. Ilçiniň sözlerine görä, bu Kararnama buzluklary gorap saklamagyň möhüm ähmiýetlidigini görkezýär.

Ilçihananyň habar bermegine görä, Maksat Çaryýew sebitiň suw ýetmezçiligi we suwy durnukly dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde eýelän ähmiýetli orny üçin Halkara Gidrologiýa maksatnamasynyň býurosynyň ýolbaşçylaryna çuňňur hoşallyk bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026