HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Maglumat merkezi we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sanly köpri – “Türkmenaragatnaşygyň” taslamalary Londonda maslahatlaşyldy

Noýabr 23, 2023 | 03:05 |13892
Hazar deňziniň düýbünden Ýewropa tarap uzaýan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy wajyp taslamalaryň hatarynda görkezildi.Hazar deňziniň düýbünden Ýewropa tarap uzaýan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy wajyp taslamalaryň hatarynda görkezildi.
Çeşme: orient.tm

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi maýa goýumlary çekmek we optiki süýümli kabelleri we serwer enjamlaryny öndürýän kärhanalary, maglumat merkezini döretmek ýaly birnäçe taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýardyr. Bu barada agentligiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow 22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly forumda eden çykyşynda mälim etdi.

Rejepow hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde Türkmenistanyň “akylly” şäherleri üçin IT hyzmatlaryny we dolandyryş ulgamlaryny ösdürmekdir diýdi. Şeýle hem, ol iň täze simsiz aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan Aşgabat şäher telefon ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna daşary ýurtly işewürleriň we maýadarlaryň ünsüni çekdi.

Hazar deňziniň düýbünden Ýewropa tarap uzaýan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy wajyp taslamalaryň hatarynda görkezildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 8 sany döwletara optiki süýüm maglumat geçiriş ulgamlary hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde, soňky üç ýylda satyn alnan halkara internet kanallarynyň umumy kuwwaty on esse artdy. Türkmenistan şeýle hem ulag gatnawynyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýär we esasy ulag ulgamynyň giňeldilmegini üpjün edýär diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekili çykyşynda belledi.

Şeýle hem, forumda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Maksatnamasynda sanlaşdyrmak pudagyndaky kanunçylygy özgertmegiň, IT hünärmenlerini taýýarlamagyň, elektron hökümeti döretmegiň, şeýle hem sanly söwda, sanly lukmançylyk we sanly bilim, bulut tehnologiýalary, “ýaşyl” energiýa we oba hojalygynda innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň, maglumat-kommunikasiýalary ulgamynda başlangyç telekeçiligi goldamagyň, biometrika tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, “akylly” şäherleri döretmegiň we ösdürmegiň möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendigi bellenildi . Iň ösen maglumat, aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalary özünde jemleýän Arkadag şäheri bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň ajaýyp mysaly hökmünde görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026