Gazagystan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetine saýlanyldy


Gazagystan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligi ýurduň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
Bu baradaky çözgüt Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky konwensiýa gatnaşyjy döwletleriň 22-nji noýabrda Parižde geçirilen Baş Assambleýasynyň 24-nji sessiýasynda kabul edildi.
Gazagystanyň dalaşgärligi üçin 118 döwlet ses berdi. Şeýle hem bu komitetiň düzümine Wýetnam, Kenaýa, Liwan Koeýa Respublikasy, Senegal, Türkiýe, Ukraina we Ýamaýka girdi.
Ozal Gazagystan bu komitetiň düzüminde 2013-2017-nji ýyllarda bolupdy.
Bütindünýä mirasynyň hökümetara komiteti ÝUNESKO-nyň esasy ýolbaşçy edaralarynyň biridir. Komitetiň agzalary medeni we tebigy desgalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky çözgütleri kabul edýärler.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Gazagystanyň çägindäki 6 sany milli we serhetüsti desgalar—Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi Tamgaly petroglifleri, Demirgazyk Gazagystanyň sähralary we kölleri, Ýüpek Ýolunyň Çanan-Týan-Şan geçelgesiniň ugurlarynyň ulgamy, Günbatar Týan-Şan we aram guşaklygyň Turan çölleri girýär.
ORIENT news








