HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Isfahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Noýabr 23, 2023 | 07:40 |10009
Eýranyň Isfahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi badalga aldy. Bu çäre 26-njy noýabra çenli dowam edip, onuň çäklerinde milli aýdym-saz, şekillendiriş sungatyna we senetçilige bagyşlanyp guraljak sergileriň çykyşlaryň 40-a golaý türkmen suratkeşi gatnaşar. Bu barada “Tehran Times” neşiri habar berýär.Eýranyň Isfahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi badalga aldy. Bu çäre 26-njy noýabra çenli dowam edip, onuň çäklerinde milli aýdym-saz, şekillendiriş sungatyna we senetçilige bagyşlanyp guraljak sergileriň çykyşlaryň 40-a golaý türkmen suratkeşi gatnaşar. Bu barada “Tehran Times” neşiri habar berýär.
Çeşme: tripadvisor.com

Eýranyň Isfahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi badalga aldy. Bu çäre 26-njy noýabra çenli dowam edip, onuň çäklerinde milli aýdym-saz, şekillendiriş sungatyna we senetçilige bagyşlanyp guraljak sergileriň çykyşlaryň 40-a golaý türkmen suratkeşi gatnaşar. Bu barada “Tehran Times” neşiri habar berýär.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy şäheriň Sungat zalynda geçirildi. Isfahan uniwersitetinde geljek ýyl 300 ýyllygy giňden bellenjek beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan edebi duşuşyk geçiriler.

Eýranyň Medeniýet günleri Aşgabatda şu ýylyň fewral aýynda geçirildi. Şonda elli töweregi eýranly suratkeş, şeýle hem sungat we döredijilik toparlary Türkmenistana gelip, çykyşlaryny görkezdiler.

Özara medeni çäreler Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň duşuşygynda medeni gatnaşyklar babatynda gazanylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilýär.

Ýakynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisiniň geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026