HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara žurnal özüniň ýörite sanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä bolan saparyna bagyşlady

Noýabr 23, 2023 | 14:27 |7451
**[«İşindetayı»](https://isindetayi.com/)** türk halkara žurnaly Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýä amala aşyran resmi saparyna bagyşlap, ýörite sanyny çap etdi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky **[Ilçihanasy](https://turkey.tmembassy.gov.tm/en)** (Ankara şäheri) habar berýär.**[«İşindetayı»](https://isindetayi.com/)** türk halkara žurnaly Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýä amala aşyran resmi saparyna bagyşlap, ýörite sanyny çap etdi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky **[Ilçihanasy](https://turkey.tmembassy.gov.tm/en)** (Ankara şäheri) habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan (Ankara şäheri)

“İşindetayı” türk halkara žurnaly Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýä amala aşyran resmi saparyna bagyşlap, ýörite sanyny çap etdi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy (Ankara şäheri) habar berýär.

Neşir iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikler barada jikme-jik maglumat berýär we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini giňişleýin beýan edýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bu sapary “Anadolu”, “TRT Haber”, “CNN Türk”, “Pusula”, “Haber” ýaly Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirildi. Olar syýasat, ykdysadyýet, jemgyýetçilik we hukuk, ylym hem-de medeniýet ulgamlarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini beýan edýärler.

Türk metbugaty ýörite sanynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada makalalary neşir etdi.

Türkiýäniň meşhur neşirlerinde ýörite sanlaryň çap edilmegi, ägirt uly ykdysady kuwwatlyklary, özboluşly taryhy we medeni mirasy bolan Türkmenistanyň türk okyjylarynda uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026