HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri Magtymguly barada ylmy maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär

Noýabr 23, 2023 | 10:39 |7105
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwet uniwersitetiniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Onda iki ýokary okuw mekdebiň alym mugallymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenilip, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwet uniwersitetiniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Onda iki ýokary okuw mekdebiň alym mugallymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenilip, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwet uniwersitetiniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Onda iki ýokary okuw mekdebiň alym mugallymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenilip, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Uniwersitetleriň wekilleriniň çykyşlary taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge, Ýewraziýa giňişliginiň halklarynyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň taryhyna, şeýle hem türkmen hem-de rus ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklara bagyşlandy.

“Tegelek stol” maslahatynda taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmak barada özara gyzyklanmalar mälim edildi. Şeýle hem türkmen we dünýä edebiýatynyň görnükli nusgawy akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy maslahaty guramak meseleleri maslahatlaşyldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege” atly, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwet uniwersitetinde hem “Okaýan jemgyýet we durmuş-ykdysady ösüş” atly kafedralar hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026