Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaý howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Noýabr 22, 2023 | 21:03 |6199
Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Duşuşyk sişenbe güni, 21-nji noýabrda kiçi komitetiň başlyklarynyň, iki ýurduň hem Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary Wepa Hajiýew we Ma Çžaosýunyň ýolbaşçylygynda geçirildi.Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Duşuşyk sişenbe güni, 21-nji noýabrda kiçi komitetiň başlyklarynyň, iki ýurduň hem Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary Wepa Hajiýew we Ma Çžaosýunyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Duşuşyk sişenbe güni, 21-nji noýabrda kiçi komitetiň başlyklarynyň, iki ýurduň hem Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary Wepa Hajiýew we Ma Çžaosýunyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Diplomatlar söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýurtlaryň arasynda gazanylan aç-açanlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler kiçi komitetiň öňki mejlisinde gazanylan şertnamalaryň çäginde özara gatnaşyklaryň netijelerine konstruktiw baha berdiler we howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026